peslik

peslik
1) Beýik dällik, gysgalyk, keltelik.
∙ Onuň boýy birneme peslik edýär.
2) Pe ýer, çöketlik.
∙ Sokolow pesligiň içi bilen Kerimiň ýanyna geldi. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
3) Hil taýdan kanagatlanarly bolmadyk; kemlik, kiçilik.
∙ Agalar, menilki günden ýüregimdäkini sizden gizlemegi özüme kemlik we peslik bilýärin. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem peslik - pesligi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»